“Arçalyk agyz suwy" eltmegi we gündelik meseleleri tiz çözmegi üpjün edýär.
Zyýanly garyndylardan arassalanan, ýumşadylan we kümüş bilen täsirlenen suw suwsuzlykdan gandyrar we kesellerden gorar.
Gazlandyrylan suw ajaýyp täsiri bilen suwsuzlykdan gandyrýar, günüň dowamynda özüňi gowy duýmagyňa ýardam berýär.
Süýjü miwe tagamy bilen baýlaşdyrylan, gazlandyrylan, pes kaloriýaly içgiler miwe şypasyny berýärler we suwsuzlykdan gandyrýarlar. Miweli tapgyr Pyrtykalyň, Limonyň, Tokaý ir-imişleriniň, Almanyň, Şetdalynyň we Üljäniň tagamlaryndan ybaratdyr.
Arçalyk tebigy agyz suwy, şeker şiresi, miwe we ir-iýmiş şerbetleriň esasynda döredilen Arçalyk Premium içgileri size ýiti tagamlary hödürlemek bilen teşneligiňizi gandyrjakdyr.
0,5 litr göwrümli özboluşly gaby bolsa islendik, hatda iň dabaraly saçagyň bezegi boljakdyr we içginiň ähli tebigy hem-de lezzetli hillerini ajaýyp görnüşde size ýetirjekdir.
Tebigy agyz suwy esasynda ýörite taýýarlanan solod bilen miwe tagamly içgi ýatdan çykmajak tagamlaryň lezzetini we keýpiköklük duýgusyny berýär.
Içginiň görnüşi 3 dürli tagamda hödürlenýär: Ananas, Şetdaly, Witamin