Biziň edaramyz 1997-nji ýylda esaslandyryldy.

Biz barada

Biziň saýtymyzyň ähli myhmanlaryny begenç bilen garşylaýarys hem-de Size öndürýän önümimizi hödürlemek isleýäris.

Biziň edaramyzyň işi çeşme suwunyň esasynda ekologiýa taýdan arassa içgileri öndürmäge, şeýle hem arassa çeşme suwuny gaplara guýmaga gönükdirilendir.

Biziň edaramyz 1997-nji ýylda esaslandyryldy. Bu wagtyň dowamynda biz alkogolsyz içgileri we çüýşelere gaplanan agyz suwuny öndürmegiň hem-de ýerlemegiň bazarynda Türkmenistanda öňde baryjy orunlara mynasyp bolduk. Biz müşderileriň sylagyna we ynamyna mynasyp bolduk, sebäbi biz diňe ýokary hil ýörelgesine wepalydyrys.

Biziň ulag serişdelerini, ammarlary, ýola goýlan haryt akymlaryny, dolandyrmagyň we gözegçilik etmegiň kompýuter ulgamyny öz içine alýan önümçilik binýadymyz hem-de logistika ulgamymyz bar.

Biz önümçiligimizde Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen ekologiýa taýdan arassa Ýanbaş çeşmesiniň suwuny ulanýarys. Bu çeşmäniň suwy tagamy we arassalygy bilen adygandyr. Başlangyç suwuň hili agyz suwuna bildirilýän halkara we türkmen kadalaryna doly derejede gabat gelýär. Biz tebigy ýerasty suwunyň düzümine ujypsyz üýtgetmeler girizip, ony ilkibaşky arassalygynda we terliginde müşderilere ýetirmek isleýäris. Suwy arassalamaklyk ABŞ-nyň belli So-Safe kompaniýasynyň enjamlarynda amala aşyrylýar. Suw arassalaýyş ulgamynyň ýedi tapgyryndan geçýär we kümüşiň iýonlary bilen baýlaşdyrylýar. Şeýle-de biz dürli görnüşdäki alkogolsyz içgileri öndürýäris. Içgiler öndürilende Germaniýanyň belli öndürijisi bolan DÖHLER kompaniýasynyň çig maly ulanylýar. Önümçilik gözegçiligini öz barlamhanamyzda geçirýäris, şeýle hem bu gözegçilik Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenstandartlary gullugy tarapyndan geçirilýär.

Biziň kompaniýamyzuň geljeginiň müşderilere baglydygyna düşünýäris we siziň talaplaryňyzy kanagatlandyrmaga ähli başarnygymyz bilen ymtylýarys. Biz köp sanly iri firmalar, edaralar we guramalar bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk saklaýarys. Arçalyk söwda nyşanly önümler Türkmenistanyň ýüzlerçe dükanlarynda, şol sanda iň bir iri söwda merkezlerinde alyjylara hödürlenýär.

Işewürligi ýöretmegiň häzirki zaman tehnologiýalary dürli alyjylar bilen, şol sanda şahsy taraplar bilen üstünlikli işlemäge mümkinçilik berýär. Suwy öýe we edara jaýyna eltmek boýunça ýörite döredilen ýörelge buýrmalary kabul etmegi we gündelik meseleleri tiz çözmegi üpjün edýär.

Diňe ýokary hil

Arçalyk kompaniýasy 1997-nji ýyldan bäri alkogolsyz içgileriň bazarynda üstünlikli işleyär. Önümçiligimizde biz Ýaponiýanyň we Hytaýyň belli öndürijileriň enjamlaryny, süýjüligi we arassalygy bilen adygan Ýanbaş çeşmesiniň suwuny we öňde baryjy daşary ýurtly üpjünçileriň çig malyny ulanýarys. Arçalyk komapniýasynyň öndürýän agyz suwunyň we içgileriniň ýokary hili şularyň hasabyna üpjün edilýär:

  • Ulanylýan çig mala yzygiderli gözegçilik

  • Önümçiligiň tehnologiýasyna içgin gözegçilik

  • Howpsuz gaplaýyş serişdeleri

Ekologiýa taýdan arassa

Ekologiýa taýdan arassa, doly derejede awtomatizirlenen önümçilik alyjylaryň agyz suwuna we onuň esasynda taýýarlanýan içgilere bolan talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Suwy işläp taýýarlamaklyk ABŞ-nyň belli So-Safe kompaniýasynyň enjamlarynda amala aşyrylýar. Suw arassalaýyş ulgamynyň ýedi tapgyryndan geçýär we kümüşiň iýonlary bilen baýlaşdyrylýar. Gazlandyrylan içgileriň önümçiliginde köp wagtdan bäri biziň hyzmatdaşymyz bolan dünýä belli Döhler kompaniýasynyň önümlerini ulanýarys.

Biz alyjylara arassalanan agyz suwuny, Arçalyk gazlandyrylan suwuny we limonadlaryň hem-de miweli gazlandyrylan içgileriň 15 görnüşini hödürleýäris. Önümleriň görnüşleriniň köplügi, olaryň hiliniň durnukly ýokary bolmagy, alyjylary içgileriň täze tagamlary bilen begendirmäge bolan ymtylyş Arçalyk nyşanyň Aşgabatda we Türkmenistanyň ähli ýerinde gowy tanalmagyna getirdi, ol alyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy.

Işewürligi ýöretmegiň häzirki zaman tehnologiýalary dürli alyjylar bilen, şol sanda şahsy taraplar bilen üstünlikli işlemäge mümkinçilik berýär. Suwy öýe we edara jaýyna eltmek boýunça ýörite döredilen ýörelge buýrmalary kabul etmegi we gündelik meseleleri tiz çözmegi üpjün edýär.